Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Mejlisleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

12:0016.09.2020
0
6492

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler doganlyk türkmen hem-de türk halklarynyň gadymdan gelýän taryhy-medeni umumylyklarynyň binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary artdyrmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty, öňi bilen, ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze düşewüntli pudaklaryň, öňdebaryjy innowasion çözgütleri we dünýäniň, şol sanda Türkiýäniň oňyn tejribesini ulanmak arkaly döwrebap önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmelere zerur mümkinçilikleri açýar.

Onlaýn duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň parlamentleriniň ýolbaşçylary iki doganlyk halklaryň syýasy-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Bar bolan mümkinçilikleriň we ikitaraplaýyn ösüşe umumy gyzyklanmalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesiniň özara bähbitlere kybap gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň sazlaşykly ösüşi üpjün edýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň