Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda aw möwsümi soňa süýşürildi

11:5816.09.2020
0
14399

Türkmenistanda aw möwsüminiň açylmagy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli süýşürildi. Bu barada şu gün (16.09.2020 ý.) «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Neşirde çap edilen bildirişde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bu çäklendirmäni dünýäde ýiti sowuklama keselleriniň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýy nazara alyp, şeýle hem bu ýokançlaryň ýurdumyzyň ilatynyň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen girizendigi görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň