Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň onlaýn mejlisine gatnaşdy

23:5515.09.2020
0
3769

Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 87-nji mejlisine gatnaşdy.

Şu mejlisiň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, birnäçe resminamalara garaldy.

Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy netijeleri hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin şeýle strategiýanyň birinji tapgyryny (2021 — 2025-nji ýyllar) durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň taslamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň