Ulanyjylar “Android 11”-däki “Android Auto” programmasynyň kynçylyklaryndan kän zeýrenýärler

18:4715.09.2020
0
709

“Android 11” täzelenenden soň birnäçe kynçylyklar ýüze çykdy. Programma täzelenmesinden soň, “Android Auto” ulanyjylary enjamlary bilen baglanyşykly köp sanly kynçylyklardan zeýrenýärler. Mysal üçin, bildiriş sesleri, senenama nyşany, umumy set birikdiriş problemalary we ş.m. Şol bir wagtyň özünde, “Android Auto”-nyň telefon jaňlaryny bortdaky kompýuteriň interfeýsine ibermeýändigi barada şikaýatlar bar. Bu barada Reddit resmi saýty habar berdi.

Ulanyjylaryň pikiriçe, programma awtoulagda aýdym-saz çalmagyna rugsat bermeýär. “Android” täzelenenden soň aýdym-saz ýitip, soň dikeldilýär diýýärler. Şeýle hem, “Goldfingerrand” enjamynyň awtoulag bilen “Bluetooth” birikmesiniň ýitmegi sebäpli şuňa meňzeş kynçylyklara duçar bolunýandygy bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň