Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sportda» bu hepde: Fransiýadan, Germaniýadan we Angliýadan bäş duşuşyk görkeziler

17:3415.09.2020
0
4389

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bu hepdede hem futbol muşdaklaryna Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklaryň ençemesini hödürleýär.

Teleýaýlym 15 — 18-nji sentýabr aralygyndaky meýilnamasyna Fransiýanyň we Germaniýanyň çempionatlaryndan bäş duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezmegi goşdy. Şeýle hem tomaşaçylara Angliýanyň Kubok ýaryşyndan hem gyzykly duşuşyk garaşýar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, ýaýlymda şu hepdede göni alnyp görkeziljek duşuşyklaryň tertibi:

T/b Sene Çempionat Duşuşyk Wagt
1. 15.09.2020 “Liga 1 ” – Fransiýa “Monpelýe” – “Lion” 23:55
2. 16.09.2020 “Kubok ” – Angliýa “West Bromwiç” – “Harrogeýt Taun” 21:55
3. 16.09.2020 “Liga 1 ” – Fransiýa "PSŽ – “Metz” 23:55
4. 17.09.2020 “Liga 1 ” – Fransiýa “Marsel” – “Sent Etýen” 23:55
5. 18.09.2020 “Bundesliga ”Germaniýa “Bawariýa” –“Şalke” 23:55

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň