Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hasabatlary onlaýn ýagdaýda kabul eder

18:0114.09.2020
0
9807

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti guramalara geljekde statistiki hasabatlary internet ulgamy arkaly ugratmaga rugsat berer. Munuň üçin edaranyň resmi web saýtynda «hasabat tabşyrmak» sahypasy hereket eder. Bu sahypa bolsa 29-njy sentýabrda geçiriljek döwlet satyn alyş auksionynyň ýeňijileri tarapyndan dörediler.

Täze onlaýn funksiýa wagty tygşytlamaga ýardam eder, şeýle hem komitetiň ýurduň hökümetine iňňän möhüm kararlary kabul etmekde esas bolup hyzmat edýän statistiki býulletenleriniň taýýarlanyşynyň hilini ýokarlandyrar.

Täze web sahypasyny döretmek üçin edara ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini we zerur tehniki enjamlary satyn alar. Statistika baradaky döwlet komiteti bu funksiýanyň girizilmegini elektron hasabat ulgamyna doly geçmegiň ýolundaky nobatdaky ädim hasap edýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurt barada iň doly we dogry maglumatlary berýän ykdysady we sosial görkezijileri ýygnaýar hem-de seljerýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň