Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti serhetçiler bilen duşuşdy

09:5214.09.2020
0
7838

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günündäki welosipedli we atly gezelenjinden soňra ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi — diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Milletiň Lideri hasabaty kabul edip, serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň, amatly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin milletiň Liderine ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutany serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň sport bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, yzygiderli bedenterbiýe maşklarynyň esgeri taplaýandygyny belledi. Bedenterbiýe we sport ýaşlar üçin aýratyn möhümdir, çünki ol şahsyýetiň kemala gelmegine kömek eder, onda durmuş endiklerini we gymmatlyklaryny ösdürýär diýip, döwlet Baştutany harby gullukçylara sporty hemişelik hemra edinmeklerini sargyt etdi.

Şeýle hem milletiň Lideri serhetçilerden geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändiklerini sorady. Esgerler özleriniň nurana arzuwlarynyň bardygyny gürrüň berdiler. Olaryň biri gullukdan soň, Serhet institutyna girip, geljekde serhetçi hünärini dowam etmegi, beýlekileri bolsa dürli ýokary okuw mekdeplerinde okap, saýlap alan ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmen bolmagy arzuw edýär.

Şeýle hem serhetçiler milletiň Lideriniň sowallaryna jogap berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýändiklerini, şanly sene mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişde döwletimiziň serhet gullugynyň tehniki binýadynyň üstüni ýetiren döwrebap harby tehnikalaryň geçiriljekdigini buýsanç bilen habar berdiler.

Ýaş esgerler döwlet Baştutanynyň ýakynda harby tälim beriş meýdançasynda dürli ot açyş ýaraglaryndan nyşana ok atyp, öz ussatlygyny görkezendigini, munuň bolsa özleri üçin nusgalyk mekdepdigini nygtadylar.

Olar dürli harby tehnikalardan we söweşjeň endiklerden ussatlyk bilen baş çykaryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nusgalyk göreldesine eýerjekdiklerine hem öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine, harby borja wepaly boljakdyklaryna we ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutany serhetçilere alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, serhet galasyndan ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň