Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

23:4613.09.2020
0
9282

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi ­— diýip, TDH habar berýär.

Milletiň Lideri adaty endigine eýerip, dag eteklerinde welosipedli menzil aşdy.

Güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhyny göterýär.

Döwlet Baştutany ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen “Ýanardag” binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda, bu binanyň özboluşlylygyny synlady. Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny, şöhratyny özünde jemlän bu bina ak mermerli Aşgabadyň gözelligine görk goşup, binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşýar.

Döwlet Baştutany welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Bir bitewi sazlaşygy döredýän bu görnüşler Diýarymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda başy başlanan oňyn özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna tarap ugrady hem-de soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik we medeni merkeziniň kemala gelýän künjeginiň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň