Russiýaly talyp Irina Samoilowa “Open source communities"atly halkara taslama bäsleşiginiň alty finalçysyndan biri boldy

16:0013.09.2020
0
1192

Russiýanyň Moskwa Döwlet sungat we senagat uniwersitetiniň talyby Irina Samoilowa “Open source communities" halkara taslama bäsleşigine gatnaşyp, alty finalçydan biri bolmagy başardy.

“Open source communities" halkara taslama bäsleşigine gatnaşyp, Halkara “Lexus Design” baýragyna eýe bolmaklyk üçin Irina hammamdan ýa-da duşdan peýdalanyp bilmeýän adamlara kömek etmek maksady bilen  L.I.C.K göçme arassalaýyş enjamy düşünjesini döretdi. 

Arassalaýyş enjamynyň ýüzünde U şekilli tekizlik we pişigiň dili ýaly dürli gatylyk bar, şonuň üçin üstleri pişikleriň bedenini arassalaýşy ýaly arassalaýar.

Geljekde L.I.C.K. dünýädäki köp adamyň durmuş derejesine täsir edip biler.

“Lexus Design Award Russia Top Choice 2021” bäsleşiginiň rus tapgyryna ýüz tutmak üçin www.lexusdesignawardrussia.ru web sahypasynyň 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli açykdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň