Soňky habarlar

Arhiw

“Facebook” şereketi talyplar üçin täze sosial ulgam döretdi

14:0213.09.2020
0
757

“Facebook” şereketi diňe uniwersitet talyplary biri-biri bilen gürleşip biler ýaly edip döreden sosial taslamasyny –  “Facebook Kampus”-ny hödürledi.

Täze taslama talyplaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrar. Köpler bu taslamany “Facebook”-yň täze döredilen wagtyndaky işjeňligi  bilen deňeşdirýärler.

Taslamanyň maksady, uniwersitetleriň pandemiýa döwründe alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, talyplaryň arasynda aragatnaşyk üpjün etmekdir. Deslapky maglumatlara görä, taslama iş, sungat we sport ugurlary boýunça talyplar üçin mümkinçilik döreder.

“Facebook Kampus” hasaby “Facebook” sosial ulgamynda baş sahypanyň ýokarsynda ýörite bölüm görnüşinde bolar. “Facebook Kampus” hasaby açmak üçin bir talyp uniwersitetden e-poçta iberip, gutardyş ýylyny görkezmeli. Tor ulanyjylary ýokary bilim edaralary, hatda daşary ýurt uniwersitetleri bilen hem aragatnaşyk gurup bilerler. Bu ýerdäki paýnamalary diňe “Facebook Kampus” ulanyjylary görerler.

Şeýle hem söhbetdeşlik otaglarynyň torda ýerleşjekdigi bellendi.



Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň