Türkmenistanyň «EKO-93» kysymly ulag benzininiň eksporty artdy

23:5512.09.2020
0
1154

Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýalaryna laýyklykda, şu ýylyň sekiz aýynda «EKO-93»  kysymly ulag benziniň eksporty yzygiderli ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

«EKO-93»  kysymly ulag benzini, dizel fraksiýasy we suwklandyrylan gaz «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümleridir. «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod», şeýle-de «Ekologiýa taýdan arassa önüm» diýen güwänamalara eýe bolan bu zawod geçen ýylyň iýun aýyndan bäri işleýär. 

Ahal welaýatynyň iş çägindäki «Diýar» gümrük nokadynyň üsti bilen Türkmenistanyň önümi bolan «EKO-93»  kysymly ulag benzini, dizel fraksiýasy we suwklandyrylan gaz häzirki wagtda Russiýa, Owganystan, Gruziýa, Beýik Britaniýa, Özbegistan, Bolgariýa we Daniýa ýaly ýurtlara iberilýär. Isleg bildirýän ýurtlaryň sany artýanlygy sebäpli gelejekde bu önümleriň önümçiliginiň mukdaryny has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň