Soňky habarlar

Arhiw

Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda wirtual muzeý hyzmaty işläp başlar

17:4912.09.2020
0
1245

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 11-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Liderine Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual syýahatlary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgam arkaly wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle hem Diýarymyzyň iri muzeýleriniň resmi internet-saýtlary döredildi. Häzirki wagtda internet ulgamy arkaly elektron petekleri satmak hyzmatlary ýola goýulýar.

Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iki sergi zalynda “Wirtual muzeý” taslamasynyň ilkinji wideogörnüşi taýýarlanyp, synagdan geçirildi. Ol dünýä tejribesini öwrenmek arkaly ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer “Wirtual muzeý” taslamasyny durmuşa geçirmekde ulanylýan tehnologiýalar barada habar berip, ony Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda goýbermegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýetini nygtady. “Wirtual muzeý” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi we umuman, wirtual syýahatçylygyň guralmagy biziň medeni ojaklarymyza gelýänleriň sanyny ep-esli artdyrmaga, raýatlaryň köpüsine bolsa desgalara wirtual ýagdaýda baryp görmäge kömek eder.

Döwlet Baştutany medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini guramakda döwrebap tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň