Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

16:2112.09.2020
0
3544

«Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!» diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, türkmen gurluşykçylary binalaryň we desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda, gurluşyklary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmekde uly tejribe topladylar.

Energetika pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly itergi berýän möhüm pudaklaryň biridir. Bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gysga wagtyň içinde täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileri täzelendi. Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak üçin goňşy ýurtlara gidýän ýokary woltly elektrik geçirijileriniň ýüzlerçe kilometri guruldy. Energetika pudagynda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny hem görkezmek bolar. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň ýadawsyz zähmeti netijesinde amala aşyrylandygyny bu baýramçylyk gününde aýratyn bellemek guwandyryjydyr ― diýip, milletiň Lideri Gutlagynda aýdýar.

Soňky ýyllarda maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylan, zerur bilimlere eýe bolan hünärmenler bilen üpjün edilen jemagat hojalygy pudagynyň alyp barýan işleri hem döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Bu pudagyň işgärleriniň paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýat merkezlerini göwnejaý derejede saklamak boýunça amala aşyrýan işleri bellenmäge mynasypdyr ― diýip, milletiň Lideri bu pudagyň işine hem ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy şu sözler bilen tamamlanýar:

«Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!». 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň