Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni giňden dabaralandyrylýar

09:3812.09.2020
0
1515

Şu gün ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde bellenilmegi ýola goýlan Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni many-mazmuna baý dabaraly çäreler bilen geçiriler.  Bu baýramyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edilendigi barada hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda çykaran Permanynda beýan edilýär. 

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda döredilen Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni şu ýyl ýurdumyzda ikinji gezek bellenilýär. Bu şanly senäniň her ýyl ýokary derejede we guramaçylykly bellenilip geçilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen bu pudagyň işgärleriniň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň