Türkmenistanda ulaglaryň ekipaž agzalarynyň we demir ýol işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

23:5511.09.2020
0
36056
Türkmenistanda ulaglaryň ekipaž agzalarynyň we demir ýol işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp, Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň