Arhiw

Türkmenistanyň ýyl ýazgylarynyň 12-nji sany çapdan çykdy

23:5610.09.2020
0
4655

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň çap edilen 12-nji sany «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda döwlet Baştutanynyň köpugurly, netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýär — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen, durmuş-ykdysady, daşary syýasy işiň ähli ugurlaryna degişli çözgütleriň, gol çekilen kanunlaryň, permanlaryň, kararlaryň, buýruklaryň syny wakalaryň yzygiderliliginde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň materiallary esasynda beýan edilýär.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlary, milli Liderimiziň sebitler boýunça iş saparlary, daşary ýurtlaryň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärleri bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar berilýär.

Neşirde halkymyzyň bähbidine durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň netijelerini beýan edýän esasy görkezijiler getirilýär.

Aýry-aýry materiallar önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň açylyşyna bagyşlanýar.

Neşiriň makalalarynda obasenagat toplumynda gazanylýan zähmet üstünlikleri we amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berilýär.

Diýarymyzda “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler hökmünde beýan edilýär.

Ýyl ýazgylary okyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen döwletiniň dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrýan netijeli işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, milletiň Lideriniň daşary ýurtlara saparlarynyň hem-de myhmansöýer türkmen topragynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň syny berilýär.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylarynyň” 12-nji goýberilişi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.

Türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen neşir publisistik häsiýetli hem-de uly ylmy-öwredijilik ähmiýetlidir, şonuň üçin hem bu neşir alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar hem-de jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin uly gymmatlyga eýedir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň