Ýewropada elektrik awtoulaglarynyň ornaşdyrylmagy çaltlaşar

22:2810.09.2020
0
1135

“Nissan”, “Renault” we “Uber” şereketleriniň arasynda Ýewropada elektrik awtoulaglarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak üçin özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdi.

Ylalaşyga laýyklykda birnäçe ugurda işler alnyp barylar. Mysal üçin, “Uber” programmasy arkaly Ýewropa ýurtlaryndaky sürüjiler “Renault” we “Nissan” awtoulaglaryny ulanyp bilerler. Bular “ZOE” we “LEAF” modelleri, şeýle hem iki öndürijiniň geljekdäki elektrik awtoulaglary bolar.

Mundan başga-da, atmosfera zyýanly maddalaryň nol derejesini çykarýan ulaglara ünsi çekmek üçin ýörite marketing maksatnamalary gurnalar. Taraplar elektrikli awtoulaglary we “Uber” hyzmatdaş sürüjileri üçin peýdalaryny mahabatlandyrmak, şeýle hem elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerine baha bermäge esas döretjek synag ýörişlerini geçirmegi teklip etmek niýetindedir.

Täze başlangyç “Uber” şereketini ekologiýa taýdan arassa transport platformasyna öwürmek üçin has uly maksatnamanyň bir bölegidir. 2025-nji ýyla çenli “Uber” awtoulaglary bilen örtülen umumy aralygyň ýarysy Ýewropanyň ýedi paýtagty – Amsterdam, Berlin, Brýussel, Lissabon, London, Madrid we Pari Parişiň elektrik awtoulaglary bolar. 2021-nji ýylyň ahyryna “Uber” sürüjileri, kompaniýanyň işiniň 80 göteriminiň jemlenen  Ýewropa şäherlerinde zäherli zyňyndylary bolan awtoulaglary saýlap bilerler.

2010-njy ýyldan başlap diňe “LEAF” elektrik awtoulag sürüjiler dünýäde 14,8 milliard km arassa meýdany eýeledi, şeýle hem 2,4 milliard kg kömürturşy gazynyň çykarylmagynyň öňüni aldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň