Berdimuhamedow «Lukoýl» kompaniýasynyň Balkan welaýatynda durmuşa geçirmegi meýilledirýän taslamalary bilen gyzyklandy

23:5309.09.2020
0
13768

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi — diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanyny tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini belledi.

Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň