Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Çalyk: «Çalyk Holding» Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdalyga taýýar»

23:5009.09.2020
0
12548

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş eden “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk bu täze desganyň gurluşygyna girişilmegi nebiti gaýtadan işleýän toplumyň elektrik energiýasyna bolan barha ösýän isleglerini doly kanagatlandyrmak, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň tutuş senagat pudagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi babatynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir — diýip belledi.

Holdingiň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşýandygyna buýsanýandygyny belläp, bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Biz taryhy Watanymyz Türkmenistan bilen energetika ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygymyza çäksiz buýsanýarys diýip, Ahmet Çalyk täze taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň