Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

23:4809.09.2020
0
10528

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar — diýip, TDH habar berýär.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “C-2606”, “Ýolöten-14” orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 1 müňüsi we “MX-1.8” tirkegli pagta ýygyjy maşynlaryň 500-si, çig maly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 2 müň 370-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 714-si ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň hem-de mehanizatorlaryň zähmetini höweslendirmek üçin 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky hem-de “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky we Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky harmanhanalara we pagta arassalaýjy zawodlara üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulularymyz pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň