Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda möwsümiň ýaryşlaryny dowam etdirmäge bagyşlanan maslahat geçirildi

12:0109.09.2020
0
12572

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 3-nji hem-de 4-nji aýlawlarynyň, şeýle-de, Kubok bäsleşiginiň geçiş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen ýygnaga TFF-niň resmi wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylarydyr baş tälimçileriniň gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Geçirilen ýygnagyň netijesine görä, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubok bäsleşiginiň oýunlarynyň seneleri hem-de geçiş tertibi golaý wagtda belli ediler.

Ýeri gelende bellesek, futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýändigini ýatladýarys.

Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Ahal” – “Aşgabat”/“Altyn Asyr” – “Energetik”

“Köpetdag” – “Merw”/“Şagadam” – “Nebitçi”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň