Medeni zolakdan uzakda işleýän lukmanlara ýeňillikler dörediler

14:3108.09.2020
0
27250

Şu günden başlap obalarda, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şeýle hem aýratyn iş şertleri bolan işlerde işleýän lukmançylyk işgärleriniň resmi aýlyk hakyna goşmaça tölegler, kommunal hyzmatlaryň öwezini dolmak, aýry-aýry ýaşaýyş jaýlary üçin ýer bölekleri bilen üpjün edilip bilner. Şeýle hem olara beýleki ýeňillikler dörediler.

Bu düzgün Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunynda berkidildi.

Kanun bilen dolulygyna merkezi gazeteriň şu günki sanyndan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň