Soňky habarlar

Arhiw

«Läle plastik» galyndysyz önümçiligi ýola goýdy

11:4508.09.2020
0
9063

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Läle plastik» hususy kärhanasy ýerli çig maldan dürli göwrümli hem-de gündelik durmuş zerurlyklary üçin niýetlenilen polietilen torbalaryny (paketlerini) öndürmek işlerini alyp barýar — diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhana her aýda polietilen torbalarynyň 180 tonna çenlisini öndürmek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi bu ýerde bir ýylyň dowamynda şeýle önümleriň 2 müň 160 tonnasyny öndürmek üçin zerur şertleriň bardygyny tassyklaýar.

Häzirki wagtda bu ýerde sarp edijileriň islegleri nazarda tutulyp, söwda dolanyşygynda hem-de gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan dürli ölçegdäki polietilen torbalarynyň önümçiligi giňden ýola goýuldy. Bulardan başga-da, zir-zibiller üçin niýetlenilen «Läle» hem-de «Şelpe» atly dürli göwrümli polietilen torbalary köpçülikleýin öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Hususy kärhanada öndürilýän ini 110 santimetre deň bolan polietilen plýonkasyna hem müşderiler uly isleg bildirýärler. Önümiň bu görnüşi ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda, ýagny ýyladyşhana işlerini talaba laýyk guramakda giňden peýdalanylýar.

Kämil önümçilik enjamlaryna erk edýän 20-den gowrak hünärmenler öndürilýän önümleriň hil derejesine aýratyn üns berýärler.

«Läle plastik» hususy kärhanasynda önümleriň galyndylaryny gaýtadan işläp, olardan önüm almak işleriniň üstünlikli ýola goýlandygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi kärhanada galyndysyz önümçiligi üpjün etmekde, netijede, daşky gurşawyň arassalygyny goramakda döredijilikli işlenilýändigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň