Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün “Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakynda” ÝUNESKO-nyň Tähran konferendiýasynda edilen teklibe 55 ýyl bolýar

09:5208.09.2020
0
613

Şu gün 1965-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda ÝUNESKO tarapyndan Tähranda geçirilen Bütindünýä bilim ministrleriniň “Sowatsyzlygy ýok etmek” atly konferensiýasynyň “Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakynda” öňe süren teklibine 55 ýyl dolýar. 

Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakyndaky  teklip ÝUNESKO-nyň 1966-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen Baş konferensiýanyň 14-nji mejlisinde oňlanyldy we bu şanly senäni Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakyndaky teklibiň öňe sürlen konferensiýasynyň geçirilen güni – 8-nji sentýabrda bellemeklik karar edildi. Bu baýram ÝUNESKO tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 26-njy maddasynyň: 

“Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Bilim iň bolmanynda başlangyç we umumy bilim barasynda mugt bolmalydyr. Başlangyç bilim hökmany bilim bolmalydyr” – diýen birinji bölegini durmuşa geçirmeklik maksady bilen döredilen baýramdyr. 

Halkara sowatlylyk güni ilkinji gezek 1967-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda bellenilip geçildi. Şondan bäri, adamzadyň mertebesi we adam hukuklary nukdaýnazaryndan sowatlylygyň ähmiýetini ýada salmak hem-de her bir ýurduň has sowatly we dowamly jemgyýetleri gurmak tagallalaryny güýçlendirmek üçin dünýäde her ýyl Halkara sowatlylyk güni dabaralary geçirilýär. 
       

 Öz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bäri ÝUNESKO bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýan Türkmenistan Watanymyzda-da her bir raýatyň sowatlylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. 1992-nji 18-nji maýynda kabul edilen Konstitusiýamyzyň 55-nji maddasynda hem: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr.

Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.” – diýip beýan edilmegi, biziň ýurdumyzda sowatlylyga diýseň uly üns berilýändigini görkezýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň