Soňky habarlar

Arhiw

7-nji sentýabr - Halkara arassa howa güni

09:3507.09.2020
0
7357

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden 74/12 Rezolýusiýasyna laýyklykda 7-nji sentýabry halkara arassa howa güni diýip yglan etmek we 2020-nji ýyldan başlap bu şanly senäni her ýyl belläp geçmek kararyna geldi.

Arassa howa güni ähli derejelerde jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ýurtlary howanyň hapalanmagyna garşy göreşe çagyrmak üçin yglan edildi.

BMG Baş Assambleýasy öz karary bilen arassa howanyň adamlaryň saglygy we gündelik durmuşy üçin möhümdigini, howanyň hapalanmagynyň adam saglygy üçin iň çynlakaý howpdygyny aýtdy. 

Howanyň hiliniň ýokarlanmagy howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga kömek edip biler we howanyň üýtgemegini azaltmak boýunça edilýän tagallalar howanyň hiliniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Howanyň arassylygy babatda BMG-niň 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri agzasy bolup gelýän Türkmenistan döwletimizde-de uly işler amala aşyrylýar.  Ýurdumyz arassa howa giňişligini berkarar etmek maksadyna eýerip, BMG-niň Daşky gurşaw goramak maksatnamasy bolan ÝUNEP bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Milletleriň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly 4 sany global Konwensiýasy – Biologik dürlülik hakyndaky, Klimatyň üýtgemegi hakyndaky, Çölleşmä garşy göreş hakyndaky, Ozon gatlagyny weýran ediji jisimler hakyndaky Konwensiýalary hereket edýär. Bu konwensiýalaryň esasynda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Howa giňişligini goramak hakynda», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda» we başga-da ençeme kanunlar kabul edilip, Watanymyzda arassa howa giňişligini mundan buýana-da berkarar etmeklik maksady bilen daşky gurşawy goramak işi döwlet ähmiýetli derejä göterildi. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň