Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk işleriniň öz wagtyndan gijä galmagyna nägilelik bildirdi

17:2205.09.2020
0
21020

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň, suw üpjünçilik we suwaryş desgalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny we olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk şahsy gözegçilige almak tabşyryldy.

Milletiň Lideri gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegine, gurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigi barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutany degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginleriniň pesdigini, birnäçe desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmaly möhletinden yza galýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri gurluşyk senagatyny ösdürmek, täze önümhanalary we kärhanalary gurmak, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly ähli önümçilik kuwwatlyklaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň