Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

21:4904.09.2020
0
2973

Şu gün – 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onuň barşynda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

“Watana” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideriniň täze kitaby milletiň paýhasly däp-dessurlaryna, olaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigine bagyşlanýar. Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabynyň ähmiýetine ünsi çekip, “Bu kitap hemmeler üçin gyzykly we peýdaly bolar diýip pikir edýärin” diýip belledi. Şeýle-de wise-premýerler P.Agamyradowa, M.Mämmedowa, Ç.Amanowa Türkmenistanyň Halk Maslahatyna çenli galan döwrüň içinde bu kitabyň tanyşdyrylyş çärelerini geçirip biljekdiklerini aýtdy.  

“Türkmenportal” web saýtymyzda, ozal habar berşimiz ýaly, türkmen Lideri bu kitabyny tomusky zähmet rugsadyndan bolýan mahaly ýazyp tamamlap, neşire beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň