Soňky habarlar

Arhiw

Çaga emdirýän enelere telefon arkaly maslahat berilýär

15:2704.09.2020
0
1671

Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginiň dowamynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde telefon boýunça hünärmenleriň maslahatlary guralýar — diýip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tarapyndan berlen bu bildirişde görkezilýän maslahat beriş çäreleri Milli ene süýdi hepdeligi mynasybetli geçirilýär. Bu hepdeligi 1 — 7-nji sentýabr aralygynda geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Kiçi ýaşly çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek meseleleri boýunça sagat 10:00 — 17:00 aralygynda şu telefon belgileri: 36-82-01; 36-82-04, (11-42; 10-75 içerki telefon belgileri) arkaly eneatalary gyzyklandyrýan sowallary berip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň