Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky awtobus gatnawlaryna üýtgeşmeler girizildi

10:2004.09.2020
0
31936

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabryndan 77-nji «Awtokombinat — Teke bazar» we 15-nji sentýabryndan 15-nji «Parahat — Gurtly» ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgaty­ňyza ýetirýär.

77-nji «Awtokombinat — Teke bazar» ugry boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly — B.Annanow — Hoja Ahmet Ýasawy köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — A.Berdiýew — Nurmuhammet Andalyp köçeleri — Magtymguly şaýoly — A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna barýar we yzyna A.Gowşudow köçesi — Magtymguly şaýoly — Nurmuhammet Andalyp — A.Berdiýew köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Hoja Ahmet Ýasawy — B.Annanow köçeleri — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.

15-nji «Parahat — Gurtly» ugry boýunça awtobus «Parahat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Garlyýew — 10 ýyl Abadançylyk — B.Annanow — Ýunus Emre köçeleri — S.Türkmenbaşy şaýoly — Oguz han köçesi — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Galkynyş — Alyşir Nowaýy köçeleri — Magtymguly şaýoly — Tähran — Görogly — Taslama köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar we yzyna Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Taslama — Görogly — Tähran köçeleri — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — Görogly — Alyşir Nowaýy — Galkynyş köçeleri — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Oguz han — Atatürk — 10 ýyl Abadançylyk köçeleri — S.Türkmenbaşy şaýoly — Ýunus Emre — B.Annanow — 10 ýyl Abadançylyk — A.Garlyýew köçeleri bilen hereket edip, «Parahat» belleniş nokadyna gelýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 28-60-30, 28-58-13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň