«KamAZ» Türkmenistana ýene 74 sany ýangyn söndüriji ulagy ýollar

11:4903.09.2020
0
28324

Russiýanyň «KamAZ» kompaniýasy Türkmenistana ýene 74 sany ýangyn söndüriji awtoulagyny iberer. Bu barada Trend  kompaniýanyň wekiline salgylanyp habar berdi.

Ýörite ulaglar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň ýangyn bölümleri üçin niýetlenendir.

Mundan ozal «KamAZ»-yň ýangyn söndüriji ulaglarynyň 47-si ýurdumyza şu ýylyň iýul aýynda gelip gowşupdy. Bu ulaglaryň ýokary kuwwatlyga eýedigini aýratyn aýtmak gerek. Ondaky ýangyn söndüriji ulgamyň enjamlary kompaniýanyň resmi hyzmatdaşy bolan Ural ýangyn söndüriji enjamlar zawodynda öndürildi.

Umuman, «KamAZ» 2019-njy ýylda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, 2021-nji ýyla çenli Türkmenistana şeýle ýangyn söndüriji ulaglaryň 1982 sanysyny ugradar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň