Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

11:3203.09.2020
0
5781

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi — diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Bu wideomaslahata TSTB-niň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn bähbitli taslamalaryň we meýilnamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça ylalaşyklary baglaşmak hem maslahatda orta atylan meseleleriň hataryna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň