Gara deňziň Türkiýe tarapdaky kenarynda 320 milliard kub metr tebigy gaz gory tapyldy

09:3903.09.2020
0
815

Gara deňziň kenarynda  takmynan 320 milliard kub metr uly tebigy gaz gorlarynyň tapylmagy Türkiýäniň ykdysady meselelerini ýeňilleşdirip biler. Bu açyş, şeýle hem Türkiýede sebitdäki energiýa merkezini döredýär, Russiýa we Eýrana energiýa garaşlylygyny azaldar hem-de Türkiýäniň ykdysadyýetine möhüm goldaw berer.

Kadir Has Uniwersitetiniň Energetika we Durnukly Ösüş Merkezinden "Jon Bowlusyň "Euronews" halkara resmi saýtyna beren beýanatynda: "Gara deňziň serhetleri eýýäm kesgitlenipdi. Şeýlelik bilen bu gaz gory Türkiýä degişli bolar we ony erkin işledip biler. Ýurduň häzirki hasap defisitini azaltmagyna kömek eder. Netijede, Türkiýe tebigy gazyň çeşmesi bolup biler we ykdysadyýete goşant goşar "-diýdi.

Hünärmenler bu gazy 2023-nji ýylda işletmek kyn bolar diýip hasaplaýarlar. Çünki, mysaly ýüzlenmä esaslananyňda-da, 20 ýyl ozal Ortaýer deňzinde tapylan gaz gorlaryny işletmek üçin Ysraýyla azyndan 10 ýyl gerek boldy.
                

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň