Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynda 2 sany täze gaz we nebit ýatagy tapyldy

09:3103.09.2020
0
643

Şu Saud Arabystanynyň administrasiýasy ýurduň demirgazygynda 2 sany täze nebit we tebigy gaz ýatagynyň bardygyny habar berdi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz bin Selman ýurduň resmi habar gullugy SPA-a bilen geçiren söhbetdeşliginde milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco-nyň Al-Cevf sebitindäki El-Hajar depesinde gaz, demirgazyk serhedindäki Ebrak et-Tulul sebitinde bolsa gaz we nebit tapandygyny aýtdy.

Energetika ministri Hacere depesinden her gün 16 million kub fut gaz, Ebrak et-Tulul sebitinden bolsa 3 müň 189 barrel nebit we jemi 3,5 million kub fut gaz alynjakdygyny aýtdy.

Ministr Bin Selman “Aramco” kompaniýasynyň açylan ýataklardaky nebit we gaz gorlarynyň umumy mukdaryny kesgitlemek boýunça işlerini dowam etdirjekdigini aýtdy.
BP 2020 Bütindünýä Energetika Statistikasyna görä, Saud Arabystany ABŞ-dan soň dünýäde nebit öndürmekde 2-nji ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň