Kreml: Russiýanyň nebit we gaz girdejilerine garaşlylygy azaldy

09:2103.09.2020
0
835

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyň nebit we gaz girdejilerine garaşlylygynyň kem-kemden azalýandygyny aýtdy.

Peskow şu gün metbugat ýygnagynda Russiýanyň Maliýe ministrliginiň baha berişlerine görä, nebit we tebigy gaz girdejileriniň federal býudjetdäki paýynyň 40 göterime golaýdygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ösen tehnologiýa pudagynyň ýurtdaky nebit we tebigy gaz senagatynyň girdejilerine garaşlylygyň azalmagy bilen bir hatarda ösendigini dile getirmeginiň ýöne ýere däldigini  nygtan Peskow: "Ylym we lukmançylyk ugurlarymyz täze problemalara sebäp bolan pandemiýa kontekstinde dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezdi" - diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň