Soňky habarlar

Arhiw

Instagramda 200 million muşdaga ýeten ilkinji zenan

16:0402.09.2020
0
992

Amerikaly meşhur aýdymçy Ariana Grande instagramda 200 million muşdaga (followers) ýeten ilkinji zenan boldy. 27 ýaşly aýdymçyny ilkinji bolup, “Rain on Me” atly aýdymy bilelikde ýerine ýetiren jorasy Leýdi Gaga gutlady. Ol: “Joram Ariana Grandeni instagramda 200 million muşdaga ýetmegi bilen gutlaýaryn, sen şa gyzy, täjiňi geý” diýip, ýürek buýsanjyny beýan etdi. Häzirki wagtda instagramda zenanlaryň arasynda iň köp muşdagy bolan Ariana Grandeden soň, Kaýl Jenner 193 million muşdak bilen 2-nji ýeri eýeleýär. 3-nji orunda amerikaly başga bir aýdymçy Selena Gomes bolup, onuň 190 million muşdagy bar. 4-nji ýerdäki Kim Kardaşiany 187 million hem-de 5-nji basgançakdaky Teýlor Swifti 140 million muşdak yzarlaýar.

Mälim bolşy ýaly, instagram-yň iň köp muşdakly şahsyýeti portugaliýaly super ýyldyz futbolçy Kristiano Ronaldodyr. 200 milliona ýeten ilkinji ynsan hökmünde hasaba alnan Ronaldonyň häzirki wagtda 237 million muşdagy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň