Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda sport muzeýi açyldy

13:0602.09.2020
0
3919

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara-binasynyň açylyş dabarasynyň çäginde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan sport muzeýi bilen tanyşdy.

Muzeýde goýlan gymmatlyklar Diýarymyzyň sportuny ösdürmek ugurlaryna, döwlet syýasatyna we täze taryhy eýýamda bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr. Hususan-da, eksponatlaryň arasynda abraýly halkara ýaryşlarda türkmen türgenleriniň dürli ýyllarda gazanan baýraklary, ýadygärlik sowgatlyklar bar. Milletiň Lideriniň ady bilen baglanyşykly gymmatlyklar aýratyn hormatly orny eýeleýär.

 “Afrika Eсo Raсe” ralli-marafonynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan döwlet Baştutanyna gowşurylan “Amul — Hazar — 2018” halkara awtorallisiniň ýörite baýragy, milletiň Lideriniň bu ýaryşlaryň ilkinji tapgyryndaky çykyşynda geýen sport lybaslary, Aşgabat Aziadasynyň türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň esasy meýdanynda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna berlen çakylyk haty, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan milletiň Liderine dünýä giňişliginde sambony ösdürmäge uly goşant goşandygy üçin 2019-njy ýylyň aprel aýynda gowşurylan Halkara sambo federasiýasynyň güwänamasy, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan dürli üstünlikleri üçin berlen Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamalary, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň medallary, köp sanly kuboklar we dürli ýaryşlaryň baýraklary we beýlekiler bu muzeýde öz ornuny tapypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň