Türkmenistanyň Prezidenti Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

13:0502.09.2020
0
3326

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we şol ýerde toý bagyny kesdi — diýip, TDH habar berýär.

Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2 — 7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini we habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar we tehniki otaglar bar.

Döwlet Baştutany bu ýerde sport muzeýine baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň