Soňky habarlar

Arhiw

Täze fakultetdäki merkezde käbir maşklary Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özi ýerine ýetirdi

13:0102.09.2020
0
4354

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binasy bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş zalyna baryp, türgenleriň işe ukyplylygynyň esasy ýagdaýlaryna baha bermek üçin niýetlenen hem-de bu maglumatlaryň esasynda türgenleri taýýarlamaga usullary we özbaşdak maksatnamalary saýlap almaga kömek edýän bu ýerde gurnalan ýörite döwrebap enjamyň iş aýratynlyklary hem häsiýetnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy — diýip, TDH habar berýär.

Türgenleriň fiziki we fiziologik ýagdaýlarynyň görkezijilerini kesgitleýän täze abzallaryň birnäçesini döwlet Baştutanynyň hut özi synag etdi hem-de şunuň ýaly ýokary takyklygy bolan ugurdaş anyklaýyş enjamynyň türgenleşikde agram salmagyň ýygylygyny we dowamlylygyny üýtgetmäge hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Bu gün adamyň has giň ýaýran meselesi işiniň-durmuşynyň oturymly ýagdaýda bolmagydyr, şundan köplenç oňurga gyşarýar we üýtgeýär. Şol sebäpli myşsalar gowşaýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, şunuň ýaly anyklaýşyň esasynda dogry saýlanyp alnan beden maşklary türgenlere bedenleriniň gerekli ýagdaýyny saklamak bilen birlikde, beýleki adamlara-da saglygyny dikeltmäge, bedeniň kadaly fiziologiýa ýagdaýyny saklamaga kömek eder.

Soňra döwlet Baştutany trenažýor zalyna bardy. Giň zalda lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan innowasion sport-sagaldyş tehnikasy ýerleşýär.

Enjamlary saýlamaga hem-de türgenler üçin ýörite türgenleşik maksatnamalaryny düzmäge gatnaşan fitnes boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah täze sport toplumynyň enjamlarynyň we trenažýorlarynyň häsiýetnamalary hem-de aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bu ýerde milletiň Lideri trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirdi.

Ýarym sfera görnüşindäki platformada agramlyklary elde saklamak arkaly deňagramlylygy saklamak örän çylşyrymly maşkdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we şeýle trenažýory atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin ulanmagy maslahat berdi.

Milletiň Lideri sport we ýaşlar syýasaty ministrine sport merkezleriniň tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy. Şol merkeziň otaglary boş durmaly däldir. Ähli ýaşdaky adamlary sport, sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmaga has köp çekmek güýçli toparlaýyn sagdynlyga barýan dogry ýoldur diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nemes bilermeni bilen bilelikde trenažýorlaryň täze görnüşlerini giňden ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi hem-de fitnes-maslahat boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Bert Rouşenbah döwlet Baştutanyna bu zalyň üpjünçiligi üçin iň täze görnüşli sport enjamlarynyň, şol sanda professional türgenleriň ýagdaýyny barlamak üçin niýetlenen enjamlaryň seçilip alnandygyny habar berdi. Özi-de, gürrüň çylşyrymly inženerçilik ulgamlary barada barýar. Şolar tutuş bedeniň umumy ýagdaýyny seljermäge kömek edýär.

Aýratyn otagda kadiopulmonal türgenleşikler geçirilýär, ýörite trenažýorlar bar. Tansçylar üçin niýetlenen zal hem göz öňünde tutulypdyr. Şol ýerde-de türgenleşikleriň dürli maksatnamalary: aerobika, ýoga ýa-da gimnastika bilen meşgullanyp bolýar.

Binanyň ikinji gatynda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen kompýuter, lingafon otaglary hem-de maslahatlar zaly bar. Üçünji gatda boksçulary, dzýudoçylary, grek-rim we erkin göreşiň, karateniň, taekwondonyň, gylyçlaşmagyň, stoluň üstünde oýnalýan tennisiň we sportuň beýleki görnüşleriniň ussatlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen türgenleşik zallary hem-de okuw otaglary ýerleşýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki ösüşiň örän ýokary sepgitlere çykan döwrüdir. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilimiň we döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir.

Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, işiň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sport ugurly ýokary okuw mekdebiniň täze fakultetiniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany täze fakultetiň mugallymlaryny we talyplaryny döwrebap desganyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara sport ulgamynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri milletiň Liderine bu gün türkmen ýaşlaryna we olaryň halypalaryna ähli babatda kämilleşmek, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ulanmak arkaly hünär tejribesine we başarnygyna eýe bolmak babatda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň