Tagtabazar etrabynda täze mekdep ulanmaga berildi

23:5101.09.2020
0
13873

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda 320 orunlyk iki gatly täze mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze desga “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tagallalary bilen bina edildi. Umumy meýdany 2550 inedördül metr bolan döwrebap bilim edarasy hormatly Prezidentimiziň öňe süren milli maksatnamasynyň çäklerinde guruldy.

Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli guralan dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, mugallymlar, mekdep okuwçylary we gurluşykçylar gatnaşdylar. Bu ýerde kompýuter, lingafon, multimediýa otaglary, sport zallary, naharhana, maslahatlar zaly, lukmançylyk bölümi, kitaphana, aýdym-saz otagy bar. Olarda çagalaryň okamagy üçin hemme zerur şertler döredildi.

Açylyş dabarasynyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna kybap gelýän döwrebap desgany bina etmäge gatnaşan tapawutlanan ýerli gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli bilim işgärleriniň ählisiniň adyndan gutlag sözleri aýdyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ýerde ähli zerur şertler döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň