1-nji sentýabr: Bilimler güni - halkara derejesinde bellenilýän ajaýyp baýramçylyk

09:1001.09.2020
0
7320

1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda "Bilimler we talyp ýaşlar güni", halkara derejesinde bolsa "Bilimler güni" ady bilen dabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr. 

Okuw ýylynyň halkara derejesinde 1-nji sentýabrda başlanmagynyň özi rus halkynyň milli däp-dessurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  Çünki, Russiýada 1492-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ilkinji gezek Täze ýyl baýramçylygy bellenilip geçilipdir we şol gün Täze ýylyň başlanmagy bilen Täze okuw ýyly hem başlanypdyr.

1700-nji ýyldan başlap, Russiýada Täze ýyl baýramçylygy 1-nji ýanwardan hasaplanyp başlansa-da, okuwyň başlanýan senesi resmi taýdan üýtgedilmändir. 1935-nji ýyldan başlap, häzirki Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň ählisinde hem okuw ýyly her ýylyň 1-nji sentýabryndan başlanypdyr. 

1984-nji ýylyň 15-nji iýunyndan başlap  1-nji sentýabr "Bilimler güni" diýen ajaýyp baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.  

Häzirki wagtda hem, okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan 1-nji sentýabr - Bilimler güni  Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna girýän döwletleriň aglabasynda, şeýle hem Belgiýada, Irlandiýada, Polşada, Sloweniýada we Ysraýylda bellenilip geçilýär.

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler gününe biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp baýramçylyk 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynda-da "Bilimler we talyp ýaşlar güni" görnüşinde öz beýanyny tapýar. 

2013-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji synpa barýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär.

Şu ýyl hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar üçin  «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan uly ýeňillikler döredildi. Bu bankyň www.tnbk.tm resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň ähli “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderileri üçin, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, 2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary we ýörite-orta okuw mekdeplerinde bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly okuw üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, «Altyn asyr» bank kartlaryna berilýän pul sylagynyň («Cash back») möçberi 0,5 göterimden 2 göterime çenli ýokarlandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň