Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sebitlerini ösdürmek bilen bagly sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5531.08.2020
0
10110

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi — diýip, TDH habar berýär.

Maslahatda täze 2020 — 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de köpsanly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylygyny we arassaçylygyny üpjün etmek, bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, Aşgabadyň şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, adamlaryň has oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleri döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şonuň ýaly-da, şäheriň häkimine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ulanylmaga berilmeli bilim edaralarynyň dabarasyny ýokary derejede guramagyň zerurdygy barada tabşyryk berildi.

Soňra welaýat häkimleri, welaýatlara jogapkär wise-premýerler we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew ýerlerde täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler, şonuň çäklerinde ähli mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi hem-de ýerlerde mekdep bazarlary işleýär.

Welaýatlaryň häkimleri sebitde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, bugdaý ekişine girişmek we pagta ýygymyna başlamak boýunça çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi, welaýatda adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, täze hasylyň düýbüni tutmakda möhüm ähmiýetli bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ähli etraplarda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça iş depginini artdyrmagy, bugdaý öndürijileriň zerur ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegini, bugdaý ekişinde ulanyljak ekiji gurallaryň we oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şol işler bilen bir hatarda «ak altyn» möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri utgaşykly geçirilmelidir, munuň üçin welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletde tamamlamaly hem-de gowaçanyň ýapragyny düşürmek işlerine taýýarlyk görmeli diýip, milletiň Lideri belledi. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalaryny we kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak barada zerur bolan çäreleri görmek tabşyryldy.

Şeýle hem welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.

Milletiň Lideri Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň hem-de ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, gurulýan ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda welaýat boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişine ünsi çekdi. Bu babatda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanynyň artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu meýilnamalary ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belläp, bu ugurda işleriň depgininiň güýçlendirilmegini, maksatnamada bellenen meýilnamalaryň yzygiderli we doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Maldarlar üçin zerur bolan şertleri döretmeli, munuň özi dowardarçylygy ösdürmäge, şeýle hem mallar üçin ot-iým binýadyny berkitmäge mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerleree hem-de häkimlere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Häzir ýurdumyz boýunça möwsümleýin oba hojalyk işlerine – güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk işleri ýokary depginde guramaçylykly alnyp barylýar. Zerur tehnikalar taýýarlyk derejesine getirilip, daýhanlar ýokary hilli tohum, dökün, suw bilen üpjün edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maldarlar hem-de maldarçylyk hojalyklarynyň öz önümlerini hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmagy, üçin zerur bolan şertleri döretmeli, munuň üçin ähli welaýatlarda ot-iýmlik ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmek zerurdyr diýip belledi.

Döwlet Baştutany göni wideoaragatnaşyga wise-premýer Ç.Gylyjowy çagyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin bölünip berlen, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ýerlerde geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylygy ösdürmek, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we mallaryň ätiýaçlyk ot-iým binýadyny pugtalandyrmak üçin gysga möhletde we geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň ugurlaryny anyk kesgitlemek möhümdir.

Bu wezipeleri çözmek üçin «Öri meýdanlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wise-premýer E.Orazgeldiýewe öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we kärendesine bermegiň tertibini hem-de Öri meýdanlaryny peýdalanandygy üçin tölegi almagyň tertibini işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.

Milletiň Lideri mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanynyň artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň