Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň ýolbaşçylar düzümine üýtgeşmeleri girizdi

23:5431.08.2020
0
36661

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Lebap welaýatynyň ýolbaşçylar düzüminde käbir üýtgeşmeleri girizmek boýunça Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň