Soňky habarlar

Arhiw

BMW sentýabr aýynda täze M4 modellerini görkezer

14:4931.08.2020
0
1206

Germaniýanyň awtoulag öndürijisi BMW sentýabr aýynda täze M4 modellerini görkezer. Tanyşdyrylyşdan ozal dürli synag etaplaryndan geçen ulaglar Germaniýanyň Nürburgring ýolunda görkezildi. Öň birnäçe gezek görlen M4-iň dizaýny indi düşnükli ýaly bolup dur. Beýleki tarapdan bolsa, ulagyň hereketlendirijisi barada entek anyk maglumat ýok.

BMW-iň 3.0 litrlik goşa turbaly hereketlendirijisiniň awtoulagyň kapotynyň aşagynda boljakdygy aýdylýar. Iň ýokary enjam görnüşinde 510 at güýji öndürip bilýän bu enjam, awtomatiki geçiriş bilen jübütlener. 

Şeýle hem BMW şereketiniň "ýokary hil" gözleýän ulanyjylar üçin ýörite model öndürjekdigi aýdylýar.

M3 we M4 "Pure" görnüşinde satyljak bu modeller, yzky tigirli gurluşlary el bilen geçiriş bilen birleşdirer. Şeýle-de bolsa, bu modelleriň çykyş güýjüniň 480 at güýji töweregi boljakdygy mälim edildi.

Ilki "Sedan", ondan soň bolsa "coupe"  modelleri bilen tanyşdyryljak täze "BMW M4" sentýabr aýynda hödürlener we ýolda bolar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň