Mary welaýatynyň bilim ojaklary täze okuw ýylyna taýýar

10:1031.08.2020
0
7084

Mary welaýatynyň bilim işgärleri 2020-2021-nji okuw ýylyna hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. Welaýatda bar bolan 396 sany umumybilim berýän orta mekdepde, 4 sany kömekçi mekdep-internatda, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda doly bejeriş-abatlaýyş, rejeleýiş işleri geçirilip, täze okuw ýylyna kemsiz taýýarlanyldy. Ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerini tamamlap, täze işe gelen ýaş mugallymlar bilim ulgamynda köp ýyllap zähmet çeken we baý tejribe toplan halypalara berkidildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Berlen maglumata görä, 2020-nji ýylda welaýat Baş bilim müdirligine täze okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalaryň, jemgyýetçilik syýasy edebiýatlaryň we çeper eserleriň hem nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Mekdeplerdäki kompýuterler, multimediýa we interaktiw tagtalar ýaly innowasion tehnologiýalar doly gözden geçirildi. Kitaphanalarda, sport zallarynda we sport meýdançalarynda taýýarlyk işleri ýokary derejede geçirilip, täze okuw ýylyna taýýar edildi.

Welaýatyň bilim işgärleriniň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, etrap (şäher) maslahatlary geçirildi. Awgust aýynda geçirilen usuly-amaly okuwlarda we maslahatlarda okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işinde sanly serişdeleri giňden peýdalanmak, mugallymlaryň hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýaş nesilde şanly taryhymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy terbiýelemek, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmunlaryny, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny we olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça edilmeli işlerde ýüze çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni welaýatyň ak mekdepleriniň 1-nji synpyna 6 ýaşly çagalaryň 36237-siniň gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň