Müsür hemra arkaly serhetlerine gözegçilik eder

09:3731.08.2020
0
862

Müsüriň kosmos gullugy ýurduň serhetlerine hemra arkaly gözegçilik ediljekdigini aýtdy.

Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, agentligiň başlygy Muhammet al-Gosi žurnalistlere hemranyň alty aý bäri öndürilýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol häzirki wagtda 22 taslamanyň üstünde işleýändigini we käbirleriniň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygyny aýtdy. Serhedi gözegçilikde saklaýan hemra 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda uçurylar.

Müsür ilkinji aragatnaşyk hemrasy Tiba-1 geçen ýylyň sentýabr aýynda uçuryldy. Beýleki iki emeli hemranyň uçurylmagy tehniki sebäplere görä yza süýşürildi.
Tiba-1, hökümetiň saglyk, energiýa we bilim pudagynda işini gowulandyrmak bilen bir hatarda, Müsüriň tutuş çägine, şeýle hem Demirgazyk Afrika ýurtlaryna internet we telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürleýär. Emeli hemra Lýuksor şäheriniň golaýynda ýerleşip, gadymy Müsüriň paýtagty adyny göterýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň