Soňky habarlar

Arhiw

Halkara bilermen Türkmenistanyň gaz eksportyna syn berdi

00:1231.08.2020
0
1040

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň (IMEMO RAS) Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri, syýasat ylymlarynyň doktory Dina Malişewa Türkmenistanyň býudjet girdejileriniň esasy çeşmesiniň gaz eksporty bolup durýandygyny öz beýanatynda belledi. Bu barada şu gün – 30-njy awgustda TREND habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, "British Petroleum"-yň hasaplamalaryna görä, 2017-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda ýyllyk gaz gorlarynyň 19,5 trillion kub metre barabardygy kesgitlenildi. Bu görkeziji tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistanyň Katardan, Eýrandan we Russiýadan soň dünýäde dördünji orunda durýandygyny görkezýär.

Malişewa energetika pudagynyň GDA döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady we daşary syýasat ugurlaryny kesgitleýändigini belleýär. Onuň pikiriçe, üpjünçiligiň bahasynyň we mukdarynyň üýtgemegi sebäpli tebigy gaz satuwyndan eksport girdejileriniň azalmagy Türkmenistanyň energiýa pudagyna ýaramaz täsir edip biljek faktorlardyr.

Syýasatçynyň ýazmagyna görä, türkmen gazyny esasy satyn alyjy bolan Eýran 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri gaz satyn almakdan ýüz öwürdi, şonuň üçin Hytaý türkmen gazyny esasy satyn alyjy bolmagynda galýar.

“Türkmenportal” öz habarlarynda Eýranyň türkmen gazyny gaýtadan satyn almak kararyna gelendigini habar beripdi.

Mundan başga-da, Malişewanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy arkaly Ýewropa bazaryna gaz eksportyny artdyrmak baradaky meýilnamalaryna beýleki eksportçylaryň (Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa) bäsdeşligi sebäpli päsgelçilik döräp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň