Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini açmak teklip edilýär

23:4227.08.2020
0
13837

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna ýurduň çäginde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçilikleriniň hem-de tehniki serişdeleriň sertifikasiýalaşdyrylmagyny talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, gullugyň merkezi edarasynda kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini açmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna kiberhowpsuzlygyň önümçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak hem-de sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi tabşyryldy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, täze tehnologiýalaryň, elektron hyzmatlaryň jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belledi. Häzirki wagtda döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligi guramak we dolandyrmak işini düýpli özgerdýär.

Döwlet Baştutany şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlar we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Döwletimiz üçin düýbünden täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň peýda bolmagy ýurdumyzda sanly ulgamyň döredilmegi hem-de ykdysadyýetiň öňdebaryjy tehnologiýalarymyz bilen üpjün edilmegi babatda bu wezipäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi, umuman, makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa degişli wise-premýerler bilen bilelikde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň