Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

23:4127.08.2020
0
15239

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna — esaslyk maýadaky paýy 40 göterim we Awtomobil mekdepleriniň birleşigine — esaslyk maýadaky paýy 30 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň