Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy — 2020-niň ýatyrylmagy mümkin

11:4827.08.2020
0
10826

Azýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň kubogy — 2020 halkara ýaryşynyň ýatyrylmagynyň mümkindigi barada bu ýaryşa gatnaşyjy federasiýalardyr assosiasiýalara habar berdi.

AFK tarapyndan ugradylan resmi hatda Konfederasiýanyň bu ýaryşy geçirmek babatynda elinden gelen tagallalary gaýgyrmajakdygy aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, «F» «G» we «H» toparçalarynda (ASEAN zolagy) merkezleşdirilen duşuşyklary kabul etjek döwlet tapylmady. Şeýle meseleler Merkezi we Gündogar zolaklarda hem bar. «A» toparçada ýer eýesi hökmünde ykrar edilen Bahreýn bolsa ýaryşy 2021-nji ýyla geçirmegi soraýar.

Ýokarda görkezilen sebäplere esaslanyp, AFK degişli komitetlere bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak we belli bir karara gelmek boýunça ýüz tutdy. Gelnen gutarnykly netije barada öňümizdäki günlerde goşmaça habar berler.

Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyryň» hem gatnaşýan «D» toparçasynyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşde 20-nji oktýabr — 4-nji noýabr aralygynda meýilleşdirilýändigini ozal habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň