Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurulýan ýerasty geçelgäniň gurluşygyna baryp gördi

23:5826.08.2020
0
13169

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda gurulýan ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy bilen tanyşdy — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýagdaýy we depginleri bilen gyzyklanyp, şunuň ýaly desgalaryň gurulmagynyň paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň artmagyndan hem-de ýolda ulag hereketiniň ýokarlanmagyndan gelip çykýandygyny belledi. Aşgabatda ozalky gurlan köprüler, ulag ýolaýrytlary esasy ýollara düşýän agramy ep-esli azaltmaga hem-de ýol hereketini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutany ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilende, bu ulgamdaky öňdebaryjy gazananlary, täze inžener-konstruktorçylyk we dizaýnerçilik çözgütlerini işjeň peýdalanmagyň, ýokary hilli gurluşyk, bezeg hem-de beýleki serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtady.

Milletiň Lideri ýanaşyk ýerleriň degişli derejede abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, täze inženerçilik desgasynyň şäheriň bu böleginiň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi. Şeýle hem onuň ulanyş häsiýetlerine we bezeg işlerine aýratyn üns berilmelidir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňini dowam edip, çatrygyň merkezinde özboluşly desganyň ýerleşjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany şäheriň ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişiniň oýlanyşyklylygyna paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ep-esli derejede bagly bolup durýandygyny belläp, ähli ölçegler boýunça halkara derejelere kybap gelmeli desgada işleriň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň